Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Yrak: Hüjümde 23 adam öldi


Yragyň resmileri ýurduň demirgazygynda Kürtleriň iki syýasy partiýasynyň edaralaryny nyşana alan ýük ulagy bilen amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan 23 adamyň ölendigini habar berýärler.

Tuz Hurmatu şäheriniň häkimi Şala Abdul hüjümiň 9-njy iýunda amala aşyrylandygyny mälim etdi.

Abdulyň sözlerine görä, janynda geçen hüjümçi ýük ulagyny “Kürdistanyň Watançy birleşigi” we onuň golaýyndaky “Kürdistan kommunistik” partiýasynyň barlag nokadyna tarap sürüp, ulagy partladypdyr.

Bu partlamada ýaralananlara kömek etmek üçin adamlar ýygnanyşan mahaly ýene ikinji ýük ulagy hem partladyldy.

Bu soňky günleriň dowamynda kürt edaralary nyşana alnyp, amala aşyrylan ikinji hüjümdir.
XS
SM
MD
LG