Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mosulda türk diplomatlary ogurlandy


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň ýanan harby tehnikasy, Mosul, 11-nli iýun, 2014.
Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň ýanan harby tehnikasy, Mosul, 11-nli iýun, 2014.
Habarlarda «Al-Kaýda» bilen ilteşikli jeňçi toparyň Yragyň Mosul şäherindäki türk konsullygynyň diplomatiki missiýasynyň agzalyryny tutup saklaýandygy aýdylýar.

Günbatar habar gulluklary türk hökümetindäki çeşmä salgylanyp, 11-nji iýunda Yragyň Yslam döwletiniň we Lewantyň (ISIL) pitneçileriniň 45 çemesi adamy, şol sanda türk konsulyny, konsullygyň işgärlerini, Türkiýäniň ýörite güýçleriniň agzalaryny we birnäçe çagany alyp gaçandygyny aýdýarlar.

Bu habarlar Mosuldaky konsullyk Yragyň Yslam döwletiniň we Lewantyň söweşijileriniň Türkiýäniň ýük maşynlarynyň 28 sany sürüjisini tutandygyny aýdanyndan bir gün soň ýaýrady.

ISIL jihadçy topary 10-njy iýunda, birnäçe gün dowam eden agyr söweşden soň, Mosuly we demirgazykdaky Nineweh welaýatynyň köp bölegini öz kontrollugyna geçirendigini aýtdy.

Halkara Migrasiýa guramasy, jeňçileriň eýelemegi sebäpli, bu şäheri 500 müň çemesi adamyň terk edendigini aýdýar.

Şeýle hem bu gurama Mosuldaky zorluklaryň asuda adamlaryň arasynda köp heläkçilige sebäp bolandygyny aýtdy.

"Çynlakaý, gara howp"

Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zibari Bagdadyň Mosuldaky jeňçileri çykaryp kowmak üçin demirgazykdaky kürt peşmerga güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etjegini aýtdy. Zebari ol pitneçileri «çynlakaý, gara howp» diýip atlandyrdy.

Zebari bu sözleri özüniň Gresiýa sapary mahalynda aýtdy, emma ol iki goşunyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň detallary barada hiç bir zat aýtmady. Şol bir wagtda-da ol «bu ýerde bolan iş babatda çalasyn çäre görülmelidigini» sözüne goşdy.

Peşmerga ýarym awtonom Kürt regionynyň öz uly we tälim berlen harby goşuny bolup durýar.

Şu arada, yrak resmileriniň 11-nji iýunda aýdan sözlerine salgylanyp, howpsuzlyk güýçleriniň Tikritde, Bagdatdan 150 km demirgazykda ýerleşýän şäherde jeňçiler bilen söweşýändigi habar berildi.

Tikrit ozalky diktator Saddam Hüseýniň dogduk şäheri.

ISIL söweşijileri ýanwaryň başyndan bäri Ramadaniň, günbatardaky Anbar welaýatynyň paýtagtynyň we golaýdaky Falluja şäheriniň köp bölegini öz elinde saklaýardy.

Adatdan daşary ýagdaý

Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki, jeňçiler Yragyň ikinji uly şäheri Mosuly ele geçirenlerinden soň, parlamenti adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etmäge çagyrdy. Parlament bu talaba seretmegi 12-nji iýuna belledi.

Birleşen Ştatlar ISIL jeňçileri tutuş sebite wehim abandyrýar diýdi we yrak ýolbaşçylaryna bu agressiýany yza serpikdirmekde kömek wadasyny berdi.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Yragyň syýasy ýolbaşçylaryny “Yragyň ýüzbe-ýüz bolýan howpuna garşy milli bitewülik görkezmäge" çagyrdy.

Yragyň Kürt regionynyň premýer-ministri Neçrwan Barzani Bagdady Mosul krizisine çemeleşmek meselesinde berk tankyt etdi. Ol kürtleriň şäheri goramakda Yragyň howpsuzlyk güýçleri bilen işleşmäge çalşandygyny, emma munuň üstünlikli bolmandygyny aýtdy.

Barzaniniň beýanatynda kürtler Mosuldan gaçan adamlara kömek bermäge çagyrylýar, şeýle-de ol BMG-niň bosgunlar gullugyny kömege çagyrdy.
XS
SM
MD
LG