Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Karzaý saýlawlara goşulmazlyga çagyrýar


Owganystanyň wezipesi tamamlanyp barýan prezidenti Hamid Karzaý 14-nji iýunda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmazlyklary üçin ýurduň hökümetine we howpsuzlyk güýçlerine çagyryş etdi.

12-nji iýunda telewideniýede eden çykyşynda Karzaý ses bermegiň “demokratiýa we durnuklylygy berkitmek üçin örän wajypdygyny” aýdyp, owganlary saýlaw býulletenlerini oklamaga çagyrş etdi.

Şeýle-de, Karzaý ses bermek prosesini “aýdyň” etmekleri we “soňky netijeler yglan edilýänçä saýlaw prosesinde bitarap galmaklary” üçin ýurduň saýlaw resmilerine çagyryş etdi.

Karzaýyň üçünji möhlet üçin prezidentlige dalaş etmegi Owganystanyň konstitusiýasy tarapyndan gadagan edilýär. Owganystanda Karzaýyň wezipesini eýelemek üçin ýurduň öňki daşary işler ministri Abdullah Abdullah hem-de Bütindünýä bankynyň öňki ykdysadyýetçisi we ýurduň öňki maliýa ministri Aşraf Gani dalaş edýär.
XS
SM
MD
LG