Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew öldürilen esgerleriň ýasyny tutýar


Protestçileriň göteren plakatlarynda «Orsýet ganhor» diýip ýazylgy. Kiýew, 14-nji iýun, 2014.
Protestçileriň göteren plakatlarynda «Orsýet ganhor» diýip ýazylgy. Kiýew, 14-nji iýun, 2014.
Ukrain prezidenti Petro Poroşenko 15-nji iýuny orsýetçi separatistleriň gündogar Ukrainada urup ýykan transport uçarynda wepat bolan 49 esgeriň ýas güni diýip yglan etdi.

Poroşenko 14-nji iýunda şeýle diýdi: "Ukraina ýas içinde, emma biz parahatçylyk ugrundaky göreşimizi erjellik bilen dowam etdirýäris."

Şeýle-de Poroşenko 14-nji iýun güni irden Luhansk aeroportunda gonmakçy bolan uçary urup ýykanlara berk çäre görüljegini aýtdy.

Halk protesti

Poroşenko ýas gününi yglan edeninden sähel wagt soň Kiýewde toplanan birnäçe ýüz adam Orsýetiň ilçihanasynyň aýnalaryny döwdi we rus ilçihanasynyň işgärleriniň gymmatbaha maşynlaryny düňderip, rus baýdagyny goparyp aýyrdy.
Protestçi Kiýedäki rus ilçihanasynyň öňünde düňderilen maşynda bagjygyny daňýar, 14-nji iýun, 2014.
Protestçi Kiýedäki rus ilçihanasynyň öňünde düňderilen maşynda bagjygyny daňýar, 14-nji iýun, 2014.
Orsýetiň ilçihanasynyň diwarlaryna ýangyçly çüýşeler hem zyňyldy, emma ýangyn derrew öçürildi.

Protestçileriň göteren plakatlarynda «Orsýet ganhor» diýen ýazgy bardy.

Mähelläniň içinden öz adyny Tetýana diýip tanadan bir ukrain aýaly, öz pikiriçe, eger separatistlere Orsýetiň goldawy bolmasa, gündogar Ukrainada hiç bir krizisiň bolmajagyny aýtdy.
Protest mahalynda rus ilçihanasyndan rus baýdagy goparylýar. Kiýew, 14-nji iýun, 2014.
Protest mahalynda rus ilçihanasyndan rus baýdagy goparylýar. Kiýew, 14-nji iýun, 2014.


Orsýet Kiýew polisiýasynyň gaharly mähelläni saklamagy başarmazlygyny ýazgardy we muny «Ukrainanyň halkara borçnamalarynyň gödek bozulmagy» diýip atlandyrdy.

"Orsýetiň tanklary"

Waşingtonda Ak tam uçaryň urlup ýykylmagyny ýazgardy we bu gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň Orsýetden agyr ýaraglary, şol sanda tanklary we raketa atyjylary alandygynyň «fakty» diýdi.

Şu arada NATO Kiýewiň separatistler golaýda Orsýetden iberilen tanklary ulanýar diýen sözlerine agram berýän emeli hemra şekillerini aýan etdi.

Ol şekiller Orsýetiň Rostow sebitinde, ukrain serhediniň golaýynda, Orsýetiň üç sany T-64 tanky ýüklenen ulaglaryň 11-nji iýunda surata alnan harby konwoýyny görkezýär.

NATO resmileri özleriniň bu harby konwoýyň 11-nji iýun güni giçlik serhetden Ukraina geçen şol bir konwoýdygyna şübheleriniň ýokdugyny aýtdylar.

NATO-nyň uly derejeli resmisi BBC-ä emeli hemradan alnan suratlar «Orsýetiň gündogar Ukrainadaky durnuksyzlykdaky roly barada düýpli soraglary döredýär» diýdi.

Orsýet Ukrainadaky separatistlere tank we ýarag berýändigini inkär edýär.

Donetskiniň separatist lideri Denis Puşilin 13-nji iýunda Orsýetiň döwlet telewideniýesine pitneçileriň tank edinendiklerini aýtdy. Emma ol olaryň muny nireden alandyklaryny soramak «gelşiksiz» diýdi.
XS
SM
MD
LG