Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa 300 migranty halas etdi


Italiýanyň kenar goragçylary we harby-deňiz güýçleri 14-nji iýunda Ortaýer deňzinde gämileri kynçylyga uçran bikanun migrantlaryň 300-den gowragyny halas etdiler, gaýyklary agdarylan migrantlaryň bolsa onusynyň jesedini suwdan çykardylar.

Harby-deňiz güýçleriniň resmisi Salwatore Scimone 39 migrantyň halas edijiler baryp ýetişýänçe agdarylan gaýyga ýapyşyp saklanandyklaryny aýtdy.

Scimone Liwiýadan 40 mil töweregi uzaklykda köp adamyň deňizde gark bolan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Başga bir halas ediş çäresinde bolsa, üç sany italian gämisi 281 migranty öz bortuna aldy. Olar balykçy gämileri goma düşen siriýalylardy.

Ýewropa her ýyl, Ortaýer deňzini gaýykly we gämili kesip, onlarça müň migrant bikanun girmäge synanýar.
XS
SM
MD
LG