Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Nebit konrgesi açyldy


15-nji iýunda Kremlde dünýäniň energiýa pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň bir hepdelik kongresi açyldy.

Her üç ýyldan bir gezek geçirilýän Bütindünýä nebit kongresi bu gezek Moskwada, Orsýet bilen Günbataryň arasynda Ukraina krizisi üstünde dörän konflikt bilen, has aýratyn ähmiýete eýe boldy.

«Al-Kaýdadan» bölünen toparlar bolan Yrak Yslam döwletiniň we Lewantyň Yrakda bir topar ýeri eýelmegi bilen nebit bahalarynyň galmagy hem bu ýygnanyşyga ünsi çekdi.

Oňa dünýäniň 65 çemesi ýurdundan jemgyýetçilik we hususy firmalaryň 5 müň çemesi delegatynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Orsýetiň perzidenti Wladimir Putin hem 16-njy iýunda delegatlaryň öňünde çykyş etmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG