Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Söweşijiler ýene bir şäheri aldy


“Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar yrakly ýüzlerçe esgeri öldürendigini öňe sürenden soň, ýurduň demirgazygyndaky ýene bir şäheri ele salandygyny habar berýär.

Bagdadyň 420 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Tal Afar şäheriniň ýaşaýjylarynyň we resmileriniň metbugata beren maglumatyna görä, ýowuz çaknyşyklardan soň, 16-njy iýunda “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyň sünni söweşijileri gürrüňi edilýän şäheri gol astyna geçiripdirler.

Tal Afar şäheriniň gol astyna geçirilmegi “Al-Kaýda” hereketiniň bir şahasy bolan “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar tarapyndan ýurduň iň uly ikinji şäheri Mosulyň we Tikritiň eýelenmeginden sanlyja gün soň boldy.

“Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topar Tikritde 1 müň 700 esgeri öldürendigini aýdyp, olara degişlidigi aýdylýan jesetleriň suratlaryny internetde ýerleşdirdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti gürrüňi gidýän adam öldürmelerini “hopukdyryjy” diýip atlandyrdy.

Bu aralykda Günbatar metbugaty Birleşen Ştatlaryň resmilerine salgylanyp, “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly topara garşy bilelikde işleşmek barada Waşingtonyň Eýran bilen gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutýandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG