Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Žurnalist öli tapyldy


Russiýada birnäçe günden bäri ýitirim bolan žurnalist ýurduň Kirow regionynda öli tapyldy.

Russiýanyň Derňew komitetiniň 15-nji iýunda beren maglumatyna görä, 48 ýaşyndaky Galina Koşçeýewanyň jesedi şondan bir gün öň Suny etrabynyň golaýyndaky tokaýda tapylypdyr.

Rus resmileri gürrüňi gidýän žurnalistiň teninde ýowuzlyklaryň amala aşyrylandygy barada alamatlaryň bardygyny aýtdylar, ýöne olar bu barada jikme-jik maglumat bermediler.

“Rodnoý kraý”, ýagny “Ata mekan” atly ýerli gazetiň baş redaktory Koşçeýewa 10-njy iýunda ýitirim bolupdy.

Russiýanyň Derňew komitetiniň resmileri Koşçeýewanyň ölüminiň, onuň professional işleri bilen ilteşiginiň ýokdugyna ynanýandyklaryny aýtdylar. Olar bu wakanyň özara jedeller bilen ilteşiginiň bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

Koşçeýewanyň öldürilmegi bilen bagly derňewler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG