Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Içalyçylykda şübhelenen boşadyldy


Täjigistanyň resmileri Täjigistanyň raýaty kanadaly Aleksandr Sodikowy boşatdy.

17-nji iýunda irden Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Sodikowyň ady agzalmadyk ýurduň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanýandygyny aýtdy.

51 ýaşly Sodikow ençeme ýylyň dowamynda Kanadada ýaşady.

Sodikow Torontonyň uniwersitetinde alyp barýan alymlyk barlaglarynyň çäginde Täjigistanyň we Özbegistanyň birnäçe şäherine, şol sanda Duşenbä, Horuha, Samarkanda, Buhara we Panjakende sapar edendigini aýdýar.

Täjigistanyň milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Sodikowy 16-njy iýunda durnuksyz Daglyk Badahşan regionynyň paýtagty Horuhda onuň graždan aktiwisti Alim Şerzamonow bilen duşuşan wagtynda tussag etdiler.

Şerzamonow maý aýynda Horuhda polisiýanyň jenaýatda şübhelenýänler babatyndaky hereketlerine garşy geçirilen zorlukly protestleriň liderleriniň biridir. Şol protestlerde polisiýanyň hüjümleri we howpsuzlyk güýçleriniň ýerli ýaşaýjylar bilen arasynda bolan çaknyşyklar zerarly azyndan üç adam wepat bolupdy.
XS
SM
MD
LG