Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Yrak: Söweşijiler zawoda hüjüm etdi


Yrakda sünni söweşijiler ýurduň iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawodyna awtomatiki ýaraglar we minomýotlar bilen hüjüm etdiler. Bu aralykda, Eýran şaýy musulmanlarynyň Yrakdaky mukaddes ýerlerini goramaga söz berdi.

“Al-Kaýda” hereketiniň bir şahasy bolan “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri Bagdada tarap aralaşyp başladylar. Bu ýagdaý mezhebara meseleleriniň çäginde Yragyň bölünip biljekdigi barada halkara aladalaryň ýaýramagyna sebäp boldy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Yragyň Karbala, Najaf, Kadimiýah we Samarra sebitindäki şaýy musulmanlaryna degişli mukaddes ýerleri “Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyna garşy goramak üçin Tähranyň näme gerekli bolsa etjekdigini aýtdy.

Bu aralykda, Saud Arabystanynyň daşary işler ministri şazada Saud al-Faýsal 18-nji iýunda beren maglumatynda Yrakdaky ýaramazlaşýan howpsuzlyk ýagdaýlary ýurtda “raýat urşunyň” alamatlaryny görkezýär diýdi.
XS
SM
MD
LG