Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​BMG: 50 million adam başga ýere göçdi


Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar boýunça edarasy ýaşaýan ýurdundaky konfliktden we krizisden gaçyp başga ýere göçmeli bolan adamlaryň sanynyň 50 milliondan geçendigini habar berýär. Bu ýagdaý II Jahan urşundan bäri ilkinji gezek bolýar.

BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň ýyllyk raportynda bosgunlaryň we öz ýurdunyň içinde başga ýere göçmeli bolan adamlaryň sanynyň 2013-nji ýylyň ahyryna çenli 51,2 milliona ýetendigi habar berilýär. Bu geçen ýylky raport bilen deňeşdireniňde adam sanynyň öňküsinden 6 million köpelendigini aňladýar.

BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň raporty Bütindünýä bosgunlar güni bilen gabat getirilip, 20-nji iýunda ýaýradyldy. Onda diňe Siriýadaky raýat urşunyň 9 million adamy öz öýlerini terk etmäge mejbur edendigi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG