Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainada goşun ulanmak karary ýatyrýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Federasiýa Geňeşinden Ukraina goşun girizmäge rugsat berýän karary ýatyrmagy sorady.

Orsýetiň Interfaks agentliginiň ýokary derejeli orsýet resmisine salgylanyp habar bermegine görä, Federasiýa Geňeşi bu karary 25-nji iýunda ýatyrar.

Orsýetiň habar agentlikleri prezidentiň metbugat-wekili Dmitriý Peskowa salgylanmak bilen bu kararyň Ukrainada dartgynlylygy gowşatmagyň zerurlygy bilen baglydygyny habar berdiler.

1-nji martda Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi Federasiýa Geňeşi Ukrainanyň giňişliginde Orsýetiň güýçlerini ulanmaga razylyk beripdi.

Putiniň karary barada Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Brusselde geçiren duşuşygynda Orsýeti 1-nji martda gelnen karary ýatyrmaga eden çagyryşynyň ertesi mälim edildi.

Şeýle-de ÝB-niň daşary işler ministrleri, eger-de, Orsýet Ukrainanyň prezidenti Pýotr Poroşenkonyň öňe süren parahatçylyk planyny goldamasa sanksiýalary ýaýbaňlandyrjagyny duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG