Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik sportsmenleri heläk boldy


Täjigistanyň dört basketbolçysy we olaryň treneri münüp barýan awtoulagy suwa gaçyp gark boldular.

Daglyk Warzob regionynda 23-nji iýunça bolan bu heläkçilikli wakada ýaş sportsmenleriň biri 13 ýaşly Husein Isoýew diri galdy.

Täjigistanyň Ýaşlar, sport we syýahatçylyk boýunça komitetiniň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Rahmatşo Kamolowyň Azat Ýewropa azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ulagy süren trener Ehromhon Isoýewiň we onuň ogly Sadamiriň jesetleri halas edijiler tarapyndan 24-nji iýunda tapylypdyr.

Ýene üç ýaş sportsmeniň jesetleri, şol sanda Isoýewiň ýene bir ogly Saidusmonyň jesedi entek tapylmadyr olaryň öldendigi aýdylýar.

Sportsmenler Duşenbede geçirilýän ýaryşa gatnaşmak üçin paýtagta barýardy.

XS
SM
MD
LG