Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sisiliýanyň golaýynda 30 migrant öli tapyldy


Sisiliýa bilen Demirgazyk Afrikanyň kenarynda togtadylan gämide takmynan 30 migrant işçiniň jesedi tapyldy.

Gürrüňi gidýän adamlaryň gark bolup ýa-da bogulup ölendigine ynanylýar.
Ýolagçylardan aşa doldurylan bu gämiden 600-e golaý adam halas edildi.

Bu italian halas ediş toparlarynyň ýolagçylardan aşa doldurylan gämide ölen migrantlary ele salmagy ilkinji gezek däldir. Ýöne olar migrantlaryň şeýle uly sandaky jesedine ilkinji gezek duş gelýärler.

Şu ýylyň başyndan bäri Italiýa 50 müňden gowrak migrant bardy. Olaryň aglabasy öz ýurdundaky uruşdan we mejbury harby gulluga çagyryşdan gaçyp, Ýewropa barýarlar.

XS
SM
MD
LG