Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri gaýtadan hüjüme başlaýar


Prezident Petro Poroşenko halka ýüzlenýär, Kiýew, 30-njy iýun, 2014.
Prezident Petro Poroşenko halka ýüzlenýär, Kiýew, 30-njy iýun, 2014.

Ukrain hökümeti öz güýçleriniň, 10 günlük ýaraşykdan soň, gündogardaky orsýetçi separatistlere garşy «terrora garşy operasiýalary» gaýtadan başlandyklaryny aýdýar.

Spiker Oleksandr Turçinow 1-nji iýulda parlamente «şu gün irden terrora garşy operasiýanyň aktiw fazasy dikeldildi, biziň ýaragly güýçlerimiz terrorçylaryň bazalaryna we berkişen ýerlerine hüjüm edýär» diýdi.

Prezident Petro Poroşenko 30-njy iýunda özüniň atyşygy bes etmegiň möhletini uzaltmajakdygyny, ýagny ukrain güýçleriniň hüjümi dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

30-njy iýun agşamy möhleti dolan ýaraşyk ylalaşygy gündogardaky Orsýete tarapdar pitnäniň soňuna çykmak baradaky planyň bir bölegidi. Poroşenko ilki ýedi günlük bolan ýaraşyk ylalaşygynyň möhletini on güne çenli uzaldypdy.

Poroşenkonyň websaýtynda goýlan wideobeýanatda ol «Biz hüjüme geçeris we öz ýerimizi azat ederis» diýýär.

Bu beýanat Poroşenko öz howpsuzlyk ýolbaşçylary bilen duşuşanyndan soň edildi.

Taraplar bir-birini aýyplaýar

Orsýetiň daşary işler ministrligi 1-nji iýulda Kiýewi özüniň harby operasiýalaryny togtatmaga hem-de ýaraşygy, atyşygy kesmegi dikeltmäge çagyrdy.

"Biz ukrain häkimiýetleriniň öz ýurdunyň asuda ilatly şäherlerini we obalaryny topa tutmakdan saklanmagyny hem-de ynsan ömrüni çyndan goraýan hakyky, ýasama däl ýaraşyga dolanmagyny talap edýäris» diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Ukrainanyň harby sözçüsi Oleksiý Dmitraşkowskiý hökümet güýçleri top oklaryny atmaga we howa zarbalaryny urmaga başlady diýdi.

Dmitraşkowskiý pitneçileriň SU-25 hüjüm uçaryny oka tutandyklaryyny, oňa zyýan ýetendigini, emma uçaryň sag-aman öz bazasyna gonmagy başarandygyny aýtdy.

Goranmak ministrligi ukrain güýçleriniň pitneçilere garşy «gury ýerden we howadan” hüjüme başlandyklaryny tassyk etdi.

Donetsk regionyndaky separatistler Kramatorsk şäherinde atyşyk astyna düşen awtobusda dört adamyň ölendigini aýtdylar, emma goşmaça maglumat bermediler.

Donetskidäki separatist lideri Miroslaw Rudenko Orsýetiň Interfaks habar gullugyna söweşiň Kramatorskda, Karliwka obasynda we Donetsk aýeroportunda turandygyny aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministrliginiň Twitterdäki beýanatynda 20-nji iýunda başlanan ýaraşyk ylalaşygyndan bäri 27 ukrain esgeriniň öldürilendigi aýdylýar.

Poroşenkonyň karary

Poroşenko ýaraşygy uzaltmazlyk baradaky karara dört tarapyň, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň, Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň, Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollandyň gatnaşmagynda, 30-njy iýunda tamamlanýan ýaraşyk ylalaşygynyň soňky möhleti dolmanka geçirilen gepleşiklerden soň geldi.

Poroşenko özüniň atyşygy kesmäge islendik pursatda gaýdyp gelmek isleýändigini, emma munuň üçin taraplaryň hemmesiniň ýaraşyk planynyň ähli aspektlerini ýerine ýetirmäge, şol sanda zamunlary boşatmaga we netijeli serhet gözegçiliklerini ýola goýmaga taýýar bolmalydygyny aýtdy.

Poroşenko atyşygy kesmegiň parahatçylyk planynyň bir bölegi bolandygyny, onuň yzyndan agyr jenaýat etmedik söweşijileriň günäsini geçmek, irki ýerli we parlament saýlawlaryny geçirmek we rus dilinde gürleýänleriň goragyny güýçlendirmek ýaly syýasy eglişiklere gelinmekçi bolnandygyny aýtdy.

Uzagyndan bolsa, bu plan, häkimiýeti merkezsizleşdirmek üçin, ýurduň konstitusiýasyna üýtgeşmeleriň girizilmegini nazarda tutýardy.

Şu aralykda Ýewropa Bileleşigi Orsýete garşy haýdan-haý täze sanksiýalary girizmezlik kararyna geldi, ýagny wakalaryň barýan ýerindäki görnüşiň garjaşyk bolup galýandygyny aýtdy.

28 ýurtdan ybarat bloguň ilçileri bu meseläni 1-nji iýulda, Brýusselde bolan maslahatlarynda ara alyp maslahatlaşdylar.

Emma muňa garamazdan, Ýewropa Bileleşiginiň diplomatlaryna salgylanyp, hökümetleriň «sanksiýalara taýýarlyk güýçlendirilmeli» diýen karara gelendigi aýdyldy.

Çeşmeler ilçileriň 7-nji iýulda gaýtadan duşuşyp, bu ýagdaý barada ýene maslahat etjekdiklerini, Ýewropa Bileleşiginiň ekspertleriniň bolsa aýratyn alnan adamlary ýa-da kompaniýalary nyşana alýan sanksiýalaryň üstünde işleýändiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG