Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus hukukçysyna hüjüm edildi


Woronež şäherinde Orsýetiň prezidentiniň Adam hukuklary geňeşiniň agzasyna hüjüm edildi.

Andreý Ýurow 1-nji iýul agşamy Woronežde iki sany ýüzi maskaly adamyň özüni birnäçe gezek urandygyny, soň bolsa ýüzüne «zelýonka» diýilýän suwuk dermany sependigini aýtdy.

Ýüzünde himiki ýanyk yzy galan, aýagy ýaralanan hukuk goraýjy hassahana ýerleşdirilmedi, doktorlar onuň ýaralarynyň çynlakaý däldigini aýtdylar.

Ýurow Moskwadaky Helsinki toparynyň eksperti we Ýaşlaryň hukuk goraýjylar hereketi fonduna ýolbaşçylyk edýär. Ol özüne kimiň we näme üçin hüjüm edendigini bilmeýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG