Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Skelet görkezmäň maňa…


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Oýun edesi gelýä gyz agtyjagyň:
"Aý, mama jan, ýaşyň ötdi ýetmişden.
Öňde-soňda biwepalyk etdiňmi
Babam jana? Ýa azatmyň etmişden?"


"Wah-eý, huşum gursun!" – barýa-da kempir
Egin-eşik asylýan şkafy açýa.
Bolýan zada serediň-ä – bir skelet
Şakyrdap hem pytrap pol üste gaçýa!


Çagadan utanýa garryja mama,
Garagol agtyjak jykyrdap gülýä.
Çaga pişik oýnan ýumaga meňzäp,
Pikir bary telim ýerden üzülýä…


Bu bir degişme-le, türkmen öýünde
Gulplanýan garderob haçan bolupdyr!
Dolduryp holtumyn adam süňkünden
Gerk-gäbe zeminiň reňki solupdyr.


Ak bileklik, sülük deýin barmaklar,
Guw sypat boýunlar, hünji deý dişler,
Çakyr süňke dönüp, çalam-çaş ýatyr…
Ömrüň köpnokady bu karam işler.


Ýüzlenme belgisi bu dünýä inip,
Soňra dönýä sorag alamatyna.
Çepden saga, sagdan çepe – parhy ýok,
Düşünip bilmersiň maňlaý hatyna.


Anatom kitabyn somlamaň maňa,
Näbelli howp kän üstüme sürünýä.
Hem bijogap dörmäň zemin gatyny –
Ähli süňkler meňki bolup görünýä.
02.09.2009 ý.

XS
SM
MD
LG