Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gawunyň şekili


Anna Ahmatowanyň Ýuriý Annenkow tarapyndan çekilen portreti.
Anna Ahmatowanyň Ýuriý Annenkow tarapyndan çekilen portreti.

Iýen duzuny, dadan tagamyny unutmazlyk üçin, adama näme gerek? Megerem, mertlik gerekdir.

Mert hem beýik ynsan iýen duzuna hormat goýýar.

Ömür

XX asyrdaky rus poeziýasynyň iň uly wekili Anna Ahmatowa öz wagtynda “tutuş Rus” diýlipdi. Sebäbi Russiýanyň iň bulaşyk taryhyndaky 50 ýyl onuň döredijiliginde öz beýanyny tapdy. Ol beýik däpleri dowam etdiriji hem öz döwrüniň aýnasy boldy.

Anna Ahmatowa, Nikolaý Gumilew we ogullary Lew. 1915 ý.
Anna Ahmatowa, Nikolaý Gumilew we ogullary Lew. 1915 ý.

Onuň döredijiliginde Patyşa obasynda geçiren çagalyk döwri bar, söýgä gark bolan ýaşlyk ýyllaryny wasp edýär, bulaşyk döwür baradaky pikir-oýlary-da, türmäniň agzyndaky nobat hem tussag ogluna nan geçirmek üçin gören görgüleri-de aýdylýar. Anna Andreýewna öz ömründe iki Jahan urşuny başdan geçirdi hem Staliniň ýowuz gazabyna duçar boldy.

Onuň eserlerinde 2-nji Jahan urşy döwründe gabawda galan Leningradyň hasraty-da, beýik Mugallym Isa Mesihe gönügen doga-dilegler-de, şol sanda milletiň “atasy” saýylan, ýoldaş Staline bagyşlanan öwgi-de bar. Ol ynsanyň ömri “görmedigi görde galdy” diýilýänine meňzeýär. Şol durmuş hem onuň döredijiliginde merjen däneleri ýaly düzülipdir.

Ol Patyşa obasynda çagalygyny geçiripdi. Köşklerde, şol sanda az wagtlyk Mermer köşkde-de ýaşamaly boldy. Ömrüniň soňky bölegini bolsa kesekileriň jaýynda ötürip, ahyrynda “budkada”, ýagny agaç tamjagazda-da ýaşady.

Göreş we poeziýa

Ol döredijilik işine ir başlapdy. Özboluşly hem erkin poeziýany döredip bildi. Ýaş şahyryň kakasy, döwrüniň bilimli hem abraýly adamlaryndan biri bolan Andreý Gorenko gyzynyň goşgy ýazmagyny halamandyr. Gyzyna öz adyny masgara etmezligi buýrupdyr.

Anna Ahmatowa Etna Taormina baýragy gowşurylýar. Italiýa. 1964 ý.
Anna Ahmatowa Etna Taormina baýragy gowşurylýar. Italiýa. 1964 ý.

Şahyr gyz Altyn ordanyň iň soňky tatar hanlaryndan bir Ahmadyň adyny özüne alýar. Olaryň bu han bilen uzagrak gan garyndaşlygy bar ekeni. 1911-nji ýylda onuň ilkinji goşgusy “Anna Ahmatowa” diýen at bilen çap edilýär. Şondan soň ol bütin ömrüne diňe şol at bilen tanaldy.

Ol ilkinji şöhrata 23 ýaşynda eýe bolýar. Şondan ömrüniň soňky gününe çenli Poeziýanyň şöhrat ýalkymy onuň depesine nur saçdy hem galamy elinden düşmedi. Ýogsam bolmasa ony proletar şahyry däl diýip, 1925-nji ýylda Bütinrussiýa Ýazyjylar birleşiginiň hataryndan çykardylar. Sowet ideologiýasyna ters gelýän eser ýazýar diýip, 1946-njy ýylda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň hataryndanam öçürdiler.

Türmeler

Anna Ahmatowa köp gezek türmäniň gapysyndan garamaly boldy. Onuň ilkinji adamsy Nikolaý Gumilýowy rus patyşasynyň goşunynda ofiser bolup gulluk edeni üçin, 1921-nji ýylda tussag etdiler hem üç hepdeden soň atyp öldürdiler. Onuň ogly Lew Gumilýowy üç gezek tussag etdiler.

Lew Gumilew
Lew Gumilew

Ýeri gelende aýtsak, Lew Gumilýow türkmenler üçin aýratyn gadyrlydyr. Ol syýasatdan daşda durmak üçin, özüni taryh ylmyna bagyş etdi. Aşa sowatly bu ynsan gadymy türki taýpalar, şol sanda oguzlar barada birnäçe ylmy kitap ýazdy.

A.Ahmatowanyň soňky adamsy N.N. Punin hem iki gezek tussag edilip, soňky gezeginde lagerde ölüpdi.

Bu uzak taryh. Ol barada birnäçe kitap ýazyldy. Ony gaýtalap durmagyň hajaty-da, mümkinçiligem ýok.

Gadyr

Şeýle bulaşyk hem agyr durmuşy beýan edýän Anna Ahmatowanyň poeziýasynda türkmen gawunynyň şekili bar. Bir dilim türkmen gawuny bir goşguda öwşün atyp gidýär.

Daşkentde ýaşan wagty 1943-nji ýylyň martynda döreden bir goşgusyny şahyr şeýle setirler bilen başlaýar. Ol şahyr Şiralynyň terjimesinde şeýle gelýär.

Çärjewiň bir dilim gawuny deýin

Aý ýatyrka erňeginde penjiräň…

Görşümiz ýaly, adaty poeziýada Aý gözelligiň mysaly bolup gelse, bu ýerde bir dilim Çärjew gawuny Aýa meňzedilýär. Täze dogan Aý onuň ýadyna Çärjew gawunyny ýatladýar. Megerem, türkmen gawunynyň tagamy şahyra aýratyn täsir eden bolsa gerek.

Bu nähili gözellik!

Golaýda beýik şahyryň doglan gününe 125 ýyl boldy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG