Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Söweşijileriň hüjüminde bäş owgan ofiseri öldürildi


Owganystanyň günbatarynda söweşijiler tarapyndan amala aşyrylan hüjümde azyndan bäş owgan polisiýa ofiseri öldürildi.

Hyrat welaýatynyň Farsi etrabyndaky ulaga edilen raketa hüjüminde gürüňi gidýän etrabyň polisiýa başlygy Şir Ahmad hem öldürildi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

Bu ýowuzlyklar Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň başlangyç netijeleri yglan edilmezden öň, “Talyban” hereketi owgan güýçlerine garşy hüjümlerini artdyran mahaly amala aşyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG