Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Separatistler ýarag taşlamaly


Ukraina Orsýete tarapdar separatistler doly ýaragsyzlanýança olar bilen islendik ýaraşykdan boýun gaçyrýar. Ukrainanyň goranmak ministri Waleriý Heleteý 8-nji iýulda eden beýannamasynda “gozgalaňçylar öz ýaragyny müdimilik taşlan halatynda gepleşik geçirmek mümkin” diýdi.

Ukrainanyň harbylary soňky günlerde gozgalaňçylaryň köpüsini Donetske we Luhanska çekilmäge mejbur etdiler. Prezident Petro Poroşenko goşuna şäherleriň daşyny gabamagy we gozgalaňçylary goşmaça ýarag üpjünçiliginden mahrum etmegi tabşyrdy.

ABŞ-nyň we Fransiýanyň prezidentleri 7-nji iýulda geçiren telefon gepleşiginde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini gozgalaňçylaryň Kliýew bilen gepleşik geçirmegi üçin olara basyş etmäge çagyrdylar.

Fransua Holland 8-nji iýulda Parižde eden çykyşynda “Ukrainadaky krizisden syýasy çykalga tapmak üçin ähli zat edilmeli diýdi”.

XS
SM
MD
LG