Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG haj zyýaratçylaryna çagyryş etdi


Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) resmileri haj zyýaratyny ýerine ýetirýän millionlarça musulmana gigiýena, ýagny arassaçylyga ýakyndan üns bermek arkaly Ýakyn Gündogar agyr dem alyş sindromy – MERS wirusyna garşy özlerini goramaga çagyryş etdi.

BSG-nyň Ýuwaş ummanynyň Günbatar kenaryndaky ýokanç keseller boýunça müdiri Mark Ýakobs (Mark Jacobs) 10-njy iýulda beren maglumatynda wirusyň ýokaşmagynyň öňüni almak üçin eliňi ýuwmak we üsgürýän adamlardan gaça durmak ýeterlikdir diýdi.

Şeýle-de, Ýakobs MERS wirusy ýokaşan haj zyýaratçylarynyň öýlerine dolanandan soň, Aziýada bu keseliň epidemiýa görnüşinde ýaýramagyna sebäp bolup biljekdigi barada uly bolmadyk howpuň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ýakobsyň bu çykyşy geçen hepde Filippinler adamlara MERS wirusynyň howpy aradan aýrylýança, Mekgä haj zyýaratyna gitmek baradaky planlaryny gaýtadan gözden geçirmäge çagyryş etmeginden soň boldy.

XS
SM
MD
LG