Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Saýlawlaryň netijeleri derňelýär


Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy ýurtda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň gaýtadan derňelmegi üçin üç hepdäniň gerek boljakdygyny aýtdy.

Ýusuf Nuristani (Yusuf Nuristani) 13-nji iýulda Kabulda žurnalistlere beren maglumatynda Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy “saýlaw býulletenleri oklanan gutylaryň her gün 1 müň sanysyny täzeden gözden geçirjek 100 sany topary düzmegi planlaşdyrýar” diýdi.

Nuristaniniň bu baradaky çykyşy prezidentlige dalaş edýän garşydaş kandidatlar Abdulla Abdulla (Abdullah Abdullah) we Aşraf Gani (Ashraf Ghani) ýurtda 14-nji iýunda geçirilen saýlawlarda oklanan 8 million býulleteniň ählisiniň gaýtadan derňelmegi barada ylalaşyga gelenlerinden soň bolup geçdi.

Bu ylalaşyga Kabulda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) bilen iki gün geçirilen gyzgalaňly gepleşiklerden soň gelindi.

XS
SM
MD
LG