Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylda, Gazada hüjümler dowam edýär


Ysraýyl bilen Gaza zolagynyň arasyndaky ok atyşlygyň bes edilmegi barada Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň eden çagyryşlaryna garamazdan, gürrüňi edilýän araçäkde hüjümler dowam edýär.

Palestinanyň resmileri Ysraýyl tarapyndan amala aşyrylýan hüjümleriň ýedinji gününde adam ýitgisiniň 173-e ýetendigini, olaryň aglabasynyň hem parahat ilatdan ýaşaýjylardygyny aýtdylar.

Maglumatlarda azyndan 17 müň palestinalynyň öz öýlerini terk edip, başga ýerlere göçendigi habar berilýär.

Palestinanyň atan raketasy esasynda henize çenli hiç bir ysraýylly öldürilmedi. Emma olaryň arasynda ýaralananlaryň bardygy bellenilýär.

Ýewropa Bileleşigi 14-nji iýulda beren maglumatynda Ysraýyl bilen Gaza zolagynyň arasyndaky ok atyşygy bes etmegiň üstünde işlenilýändigini mälim etdi.
Birleşen Ştatlaryň Howpsuzlyk geňeşi hem ok atyşlygy bes etmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG