Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Polşa bilen maslahatlaşýar


Ukrainanyň we Polşanyň baştutanlary iki ýurduň we Litwanyň goşulyşmagynda bilelikdäki harby brigada döretmek planlarynyň maslahatyny etdiler.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko bu ideýany Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk bilen, 14-nji iýulda bolan telefon gepleşiginde maslahatlaşdy.

Poroşenkonyň edarasynyň beýanatyna görä, iki lider basym bu goşuny döretmek üçin Litwa bilen zerur dokumentlere gol çekmek barada ylalaşyga geldi.

Bu ýurtlaryň goranmak ministrlikleri üç döwletiň bilelikdäki goşun birikmesini döretmek baradaky planlaryny ilki aprel aýynda yglan etdiler.

Şeýle-de Poroşenko Tusky polýak harby kömeklerini, aýratynam bronožiletleri ibermegi çaltlaşdyrmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG