Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürrüňdeşlik: “Men Ukrainada separatistleriň hatarynda söweşdim”


Artur Gasparýan "Wostok" batallionynyň düzüminde
Artur Gasparýan "Wostok" batallionynyň düzüminde

Ermenistanyň Spitak şäheriniň 24 ýaşly ýaşaýjysy Artur Gasparýan (2014-nji ýylyň) maý aýynda Moskwada gündogar Ukrainada söweşjekleriň hataryna rekrut edilýär, ýagny alynýar. Rus paýtagtyna dolanyp baran Artur öz başdangeçirmeleri barada jikme-jik gürrüň berýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: 42 sany moskwaly separatistiň ölümine getiren Odessa Söwda bileleşiginiň binasynda dörän ýangyndan soňra siz ”Vkontakte” sahypasynda açylan bir forumda özüňiziň Ukraina gitmek isleýändigiňiz barada gürrüň edýärsiňiz. Şondan soňra nämeler bolup geçdi?

Artur Gasparýan: WDNH-nyň (HHGS -Moskwanyň demirgazygynda ýerleşýän Sergiler ulgamy) golaýynda 10 töweregi ýaş ýigit jemlendi. Biz köpgatly ýaşaýyş jaýynyň girelgesinde özara gürrüň etdik. Öz adyny bermekden saklanan bir slawýan adam ýanymyza gelip, biziň bilen duşuşyk geçirdi.

Ilki bilen ol biziň bilen ýaraga erk etmek, ýagny ýaragy ulanyp bilmek barada gürrüň etdi. Ol biziň Slawýanska gitmelidigimizi, gönüden-göni ölüme barýandygymyzy aýtdy. Ol, eger-de kim-de kim aňyrda (gündogar Ukraina barlanda) talaňçylyk etse, oňa ölüm jezasynyň beriljekdigini aýtdy. Men munuň hakykatdanam şeýle bolandygyna birnäçe gezek göz ýetirdim. Şeýle gürrüňlerden soňra biziň aramyzdan iki adam topary terk etdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Olar size pul hödürledilermi?

Gasparýan: Olar ýaly gürrüň edilmedi. Bize pul berjek diýen adam ýok. Diňe iýgi-içgi, geýim-gejim, ok-ýarag we ölen ýagdaýymyzda biziň jesetlerimiziň Rostowa getirilip, dogan garyndaşlarymyza tabşyryljakdygyny wada berdiler. Elbetde, jesetlerimizi tapsalar. Olar bizden internetdäki ähli hasaplarymyzy, sosial mediadaky ähli şahsy maglumatlarymyzy bozmagy talap etdiler. Men "Wkontakte" we "Odnoklassniki" sahypalaryndaky özüme degişli hasaplary öçürdim.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz Ukrainanyň araçägine nädip bardyňyz?

Gasparýan: 12-nji maý güni ir bilen biziň toparymyz iki maşyn bolup, günorta tarap ýola düşdi. Rostowyň ýoly 24 sagada dagy çekdi. Görüp otursak, sürüjiler hem meýletinler ekeni. Olaryň bir-ä [soňra] öldürildi. Olar bizi lagere eltdiler. Bilemok, tokaýlykda bir ýerde. Biziň elimizdäki ähli ýol kartalaryny, telefonlary we beýleki şahsy goşlarymyzy aldylar. Soňra bize eşik berdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz şol lagerde näçeräk wagt bolduňyz?

Gasparýan: Iki hepde dagy bolduk. Gelip bize goşulýan adamlaryň sany gün-günden köpelýärdi. Iki hepdeden soň sanymyz 100-e dagy ýetdi. Biz hiç hili dynç alamzokdyk. Režimimiz harbylaryňky ýalydy. Irden turýaň, ylgaýaň, ertirlik, türgenleşik, soňra tokaýda nyşana atmak boýunça türgenleşik geçýärdik, şeýle-de el signallaryny öwrenýärdik.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: El signallary bolanda näme bolýar?

Gasparýan: Olar bize beden dilini ulanyp habarlaşmagy, nyşanlary ulanyp, birek-birek bilen garaňky gijede ümsüm aragatnaşykda bolmagy, “howp bar”, “yza”, “öňe”, “ýat”, “tur”, diýen ýaly käbir buýruklary almagy we bermegi öwretdiler. Men indi barmaklarymy ulanyp, ker adam bilen gepleşip, düşünişip bilýärin. Şu zatlaryň ählisini adaty lybasdaky instruktor öwretdi. Ol hem, edil beýleki ýolbaşçylarymyz ýaly, öz adyny bermekden saklandy. Biz hatda biri-birimiziň hem adymyzy bilemzokdyk, biri-birimize diňe lakam boýunça ýüzlenýärdik. Men hatda häzirem [Ukrainada] meniň bilen bile jeňlere gatnaşyp, ölen adamlaryň atlaryny bilemok.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ukraina gitmezden ozal Siziň nähilidir bir söweş tejribäňiz barmydy? Siz Azerbaýjanyň Daglyk -Garabag regionyndaky çaknyşyklarda bolupsyňyz, ýöne aslynda ol üýtgeşik bir söweş tejribesi däldi.

Gasparýan: [Daglyk Garabagda] biz, esasan, ot açmagy, awtomatiki ýaraglary we granatlary ulanmagy öwrenipdik. Gysgaça aýdanymda, ol diňe pes derejeli söweş ezberligine laýyk türgenleşiklerdi. Ýöne şonda-da söweş ugrundan ol ýerdäkileriň [Ukraina bile söweşmäge gidenleriň] köpüsinden men has köp zatlary bilýärdim.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Olaryň arasynda ors milletinden bolan adamlar barmydy?

Gasparýan: Men ol ýerde hiç hili milletçi adam görmedim, ýöne oglanlaryň köpüsi slawýanlardy. Belarusmy, orsmy, ýa-da ukrainalymy, garaz, men bu barada anyk bir zat aýdyp biljek däl. Ýöne olar watansöýüji oglanlardy. Meniň ermeni bolanym üçin olar maňa kän bir üns berip baranokdylar. Ol ýerde kawkazly, ermenistanly, karsnodarly oglanlar bardy, soňra çeçenlerem gelip goşuldy. Men olaryň käbirleri bilen dost boldum. Mysal üçin, olaryň biriniň ady Gyzyldy, ýene biriniň ady Kiçidi. Olaryň ikisi hem şol [metbugatda kän gürrüňi edilen] KamAZda öldürildi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz serhedi nädip kesip geçdiňiz?

Gasparýan: 23-nji maýda biz 100 oglan bolup KamAZlara münüp, gijäň ýary birikmäni terk etdik. “Niwa” kysymly awtoulag [öňümizden ýöräp], bize ýol görkezýärdi. Aradan biraz wagt geçensoň, biz serhede baryp ýetdik. Şol ýerde bize beýleki lagerlerden ýene-de 50 oglan gelip goşuldy. Bize ýarag, granat, awtomat, sapança we ş‘.m zatlary berdiler. Biz soňra ýene-de ulaglarymyza mündük.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Size nädip ok atmalydygyny öwretdilermi?

Gasparýan: Oglanlaryň käbirleri nädip granat atmalydygyny bilýärdi. Meni 5-6 oglandan ybarat pulemýotçylar toparyna serkerde edip bellediler. Olar meniň harby biledime seredip, gulluk eden ýerlerimi, tejribämi göz öňünde tutup, meni serkerde edip saýladylar. Harby biledimde käbir sanly kodlar bar ekeni, men olary ozallar bilmän ekenim. Olar meni çagyryp, şol kodlary okamagymy soradylar. Şonuň üiçn olar meniň harby taýýarlygymy nädip ulanmalydgyny oňat bilýärdiler. Aslynda olar şeýle tejribesi bolan oglanlar bilen aýratynlykda işleşýärdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: “Olar” diýmek bilen siz kimleri göz öňünde tutýarsyňyz? Federal gullugyňkylarymy, harby aňtawçylarymy ýa-da Içeri işler ministrliginiňkileri göz öňnde tutýarsyňyzmy? Siziň bilen duşuşyp, sizi türgenleşdirip, siziň bilen serhedi kesip geçen bu adamlar kimler?

Gasparýan: Men olaryň atlaryny, familiýalaryny bilemok. Olar slawýanlara meňzeýärdiler. Olaryň ählisi graždan eşigindäki adamlardy. Şolaryň häzir hatda ýüzlerem ýadyma düşenok.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Serhedi haçan kesip geçdiňiz?

Gasparýan: Biz 24-nji maý güni daňdan serhedi kesip geçdik. Serhediň ukrain tarapynda biz özüni Donetsk Halk Respublikasy diýip atlandyranlaryň ýokary wekilleri bilen duşuşdyk. Olar entek biz barmankak, Donetskdäki käbir harby birikmeleri we bazalary eýelän ekenler. Şol ýerde bizi bir kazarma eltdiler. Biz gün uzyn ukladyk. Soň turup, ýuwnup–ardynyp, özümize timar berdik.

25-nji maý güni KamAZly geçirilen şol meşhur parada gatnaşdyk. Şonda çeçenler-ä meşhur boldular.

Olar interwýu berdiler, howa ok atdylar, kameranyň öňünde durup, çykyş etdiler. Bizi garşy almak üçin üýşen jemende şowhun bilen gygyryşýardy. Olar Orsýetden baran meýletinçileri edil “halasgärler” ýaly garşyladylar. Agşam düşende, biz ýene-de kazarmalara dolanyp bardyk.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Onsoň siz haçan ilkinji sapar söweşe gatnaşdyňyz?

Gasparýan: Maýyň 25-den 26-syna geçilen gije trewoga berdiler. Meniň toparymda moskwaly, lipetskli, çukotkaly üç oglan bardy. Olaryň üçüsem atylyp öldürildi. Bizi adaty awtobuslara mündürip, aeroporta alyp gitdiler. Biziň 100-miz hem binanyň içine girdik, soňra bize osetiýalylar hem gelip goşuldylar. Ýolagçylar tiz-tizden ewakuasiýa edildi, ýöne aeroportuň işgärleri iş ýerlerinden bytnamadylar. Ir bilen iki uçar gondy. Biz aeroportuň işine goşulmadyk. Binany gysga wagtda eýeledik. Biz binanyň ähli gatlarynda ýerleşdik. Men kömekçim bilen ýedinji gatda, üçekde ýerleşdim. Bize örän uly giňişlige gözegçilik etmek tabşyryldy. Tabşyrylan aralyk ýarym kilometr dagy bardy. Biz oňa guş uçurman, gözegçilik etmelidik. Biz pulemýoty gurduk.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Donetskde raýat aeroportuny basyp almagyň maksady nämedi? Şol wagtlar uruş düýbünden başga ýerde, ýagny Slawýanskda dowam edýärdi.

Gasparýan: Kiýewden gelip biläýjek goşunlaryň öňüni almak üçin şeýle edildi. Olar bize hiç kimiň ok atmajakdygyny aýtdylar. Bize diňe kameranyň öňüne geçip surata düşüň - bolany şol diýildi. Olar bizi gorkup gaçarlar öýtdülermi, nämemi! Biz hemmäni ýaragsyzlandyryp, öýlerine ugratmalydyk. Aeroport biziňki bolmalydy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Has anygrak aýtsaňyz?!

Gasparýan: Men aeroportuň töweregindäki ukrain goşunlary barada gürrüň edýärin. “Biz örän güýçlümişik” “hemmeler bizden gorkmaly” diýen ýaly myş-myşlar ýaýramlydy. Ýöne bu tersine boldy. Günortan sagat 2-de dikuçar gelip gondy. Soňra uçarlar gelip bomba ýagdyryp başladylar. Men kömekçim bilen üçekdedim. Men zordan altynjy gata düşüp ýetişdim. Bu örän taýýarlykly hüjümdi, dört sany dikuçar, iki sany uçar bardy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Sizde howa hüjümine garşy ulanylýan ýaraglar barmydy?

Gasparýan: Orsýetli meýletinçileriň Wostok batalýonynyň komandiri Aleksandr Hadakowskiý (Ýanukwoçiň ýörite ”Alfa” toparynyň regional başlygy) bize: “olar sizi aeroportda bombalamazlar, şonuň üçin howa hüjüminden goranyş ýaraglarynyň zerurlygy bolmaz” diýipdi. Şonuň üçinem biz olary bazada goýup gaýdypdyk. Hadakowskiniň snaýperçileri şol ýerdedi. Şeýle-de ol ýerde Ukrainanyň SBU howpsuzlyk gullugynyň agentleri bardy. Olar ozal Donetsk Halk Respublikasyna gelipdiler. Olaryň gaty üýtgeşik ýaraglary bardy. Men olar ýaly ýaraglary ozal hiç ýerde görmändim. Dragunow snaýperleri ýaly hem däl, başgaça, birhili. Olar aeroporty takmynan sagat 1 töweregi terk etdiler, sagat 2 bolmanka-da, bombalanyşyk başlandy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Onsoň üçekde nämeler boldy?

Gasparýan: Üçekde bir çeçen göni atylyp öldürildi. Beýleki iki sanysy ýaralandy. Olar öz elindäki barja ýaraglary bilen dikuçaryň garşysyna ot açýardylar. Men göni 2-3 sekuntda ol ýere bardym-da, ot açyp başladym. Olar hemme tarapdan bombalap, bizi binanyň içine gabadylar. Olar raketalaryny göni terminaly nyşana alyp atýardylar.

Hadakowskiý sadalyk edip, “aeroport täze, entek bary-ýogy iki ýyl mundan ozal, 2012-de Ýewropa futbol çempionaty geçirilende açyldy, şonuň üçin aeroporty oka tutmazlar” diýäýdi-dä. Eger-de şol wagtda bizde howa hüjümlerinden goranyş ýaraglary bolsady, şol zatlaryň hiç haýsysy bolmazdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, ol size dönüklik etdimi ýa-da bu emelsizlikmidi?

Gasparýan: Men bilemok. Ýöne biz gaty köp adam ýitirdik. Entegem bir çeçenli (ol örän akylly oglandy) üçege tüsse çykarýan bomba oklap ýaralanan ýoldaşlarymyzy çekip almagy başardy. Biz aşak, birinji gata düşüp şol ýerde oturyp, ajalymyza garaşyp başladyk. Daşary çykyp bilemzokdyk. Oglanlaryň bir-ä komandir bilen habarlaşdy. Ol bize yzymyza, ýük ulaglaryna münmegi buýruk beripdir. Iňrik garalyp başlapdy. Ýük ulaglary terminalyň içindedi. Meniň münesim gelmedi. Bu örän töwekgelçilikli ýagdaýdy. Komandir bilen habarlaşan Spark atly oglan maňa “Eger-de sen buýruga boýun bolmasaň, göni şu ýerde atyp öldürerin” diýdi. Men ýaragymy alyp, ulaga mündüm.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ýük ulagynda näçe adam dagy bardy?

Gasparýan: Ol ýerde iki sany ýük ulagy bardy, şolaryň her haýsysynda 30-35 adam dagy bardy. Gorag topary aeroportda galdy. Olar gije pyýadalap aeoraportdan çykyp gaçypdyrlar. Spark ulagy terminaldan çykarmagy we bize-de näme gymyldaýan zat görsek atmagy buýruk berdi. Biz ulagyň üstündäki örtügi aýyrdyk. Olar indi meýletinçilerden dykylyp doldurylan açyk ulaglardy. Ulagymyz terminaldan uçup diýen ýaly çykdy, bizem ählijämiz çar ýana - asmana, ýere, garaz, dört tarapymyza ok ýagdyrýardyk. Biz [aeroprtdan] 4-5 kilometr dagy arany açdyk. Iki ulagyň arasy takmynan 600 metr dagy bardy. Ulaglar gaty tiz barýardy, bizem dynman ot açýardyk. Bu örän gorkunçdy.

Men ol ýerde hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirenimden soňra ot açmagymy bes etdim. Haçan-da biz şähere ýetemizde, biziň öňümizdäki ulag ýolda duran ekeni. Oňa nämeleriň bolanyna men düşünmedim. Ulagyň töwereginde ýeňil maşynlar aýlanyp ýördi, adamlar bardy. Ol ýer Donetskiň soňky nokadydy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ölen ýa-da ýaralanan adamlar barmydy?

Gasparýan: Biz onuň deňiňden ýokary tizlikde gös-göni geçip gitdik. Men görüp ýetişmedim. Ýöne kimdir biri entegem ot açýardy. Biz 500 metr dagy arany açanymzydan soň kimdir biri biziň ulagymyza granat zyňdy. Ol sürüjiniň oturýan ýerine baryp düşdi. Biz çöregimiz bitin eken diýip otyrkak, gaýta hemmesi tersine boldy diýen ýaly. Biz maşyndan böküp düşdük. Az-kem ýaralandyk, ýöne hiç kimiň hiç ýeri ynjamady. Beýleki ulaga pulemýot bilen ot açyp başladylar. Olara snaýperçilerem ot açýardy. Şonda azyndan 30 adam-a ölendir. Soň bir ýerlerden bize-de ot açyp başladylar. Men ok-ýaragymy taşladym, ýaralanan krymly bir oglany arkama alyp, ýüzümiň ugruna ylgap başladym. Feldşerimize sataşdyk. Onuň ýaragy bar ekeni. Men onuň ýaragyny alyp, çem gelen ýere ot açyp başladym. Soňra men şol ýaralanan oglany arkama alyp, has daşrak gaçdym.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz şähere kimiň gözegçilik edýändigini bilýärdiňizmi?

Gasparýan: Biz şäheri Milli Gwardiýaçylaryň ele geçirendigini we olaryň bizi gözleýändiklerini anyk bilýärdik. Biz tiz kömek ulaglarynyň durýan ýerine geldik, şol ýerde ünsi çekmek üçin üçege tarap bir-iki gezek ot açdym. Meniň ýoldaşymyň ýaralary erbet ganaýardy. Onuň aýagyndan we elinden atypdyrlar. Men lukmanlara: “Ony halas ediň! Kömek ediň!” diýip gygyrdym. Bir aýal maňa: “Alada etme, biz siziňkilerden” diýip jogap berdi. Biz krymlyny tiz kömek ulagyna mündürdik, olar ony hassahana alyp gitdiler. Men olara ulaglaryň nirededigini aýtdym, soňra alty sany tiz kömek ulagy olary almaga gitdi. Aradan az salym geçensoň, olar ulaglardaky oglanlary hassahanalara alyp gitdiler.

Maňa birinji ulagdan diňe üç adam halas bolupdyr diýdiler. Bu durşuna aljyraňňylykly we heläkçilikli ýagdaýdy. Oglanlaryň biri ukrainalylara ýesir düşmejek bolup, özüni granat bilen partladyp öldüripdir. Olar özlerine öz adamlarynyň hüjüm edýändiklerinden bihabardylar. Kimdir biri ýerli meýletinçilere: “Sagçy Sektoryň söweşijileri iki ýük ulagyna münüp, uly ýoldan barýar” diýip, habar eden ekeni.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Bu habarlar resmi metbugatda nähili aýdyldy?

Gasparýan: Telewizorda: “Meýletinçiler ýaralanan ýaragsyz adamlary Gyzyl Haç nyşanynyň astynda äkidip barýan ekeni, ukrain güýçleri-de olara hüjüm edipdir” diýen ýaly bir zatlar-a diýildi. Men entek şol wagtam bize öz adamlarymyzyň hüjüm edendiklerini bilemokdym. Men olar Milli Gwardiýaçylardyr diýip ýördüm. Aýyň 27-sine ir bilen aeroportda galan oglanlardan ikisi gelip, meni oýardy. Olar maňa bize özümiziňkileriň ot açandygyny, ýagny onuň dostlukly ot açyşlyk bolandygyny aýtdylar.

Biz ýerli-ýerden “indi näme etmeli?” diýişýärdik. Biz gije gizlinlikde pyýadalap, rus serhedine tarap gaçmaly diýen netijä geldik. Bir ýerlerden raýat eşigini tapyp, eşigimizi çalşyrdyk we harby birikmäni terk etdik. Biziň bilen bir sürüji hem bardy. Ol Donetskiniň eteginde bir daýysynyň ýaşaýandygyny aýtdy. Biz alty bolup gijäň ýary şolaryň öýüne baryp düşledik. 28-ine irden goňşulardan dürli atyşyk sesleri eşidilip başlandy. “Bizi atmaň! Bizi öldürmäň!” diýýän ýaly sesler eşidildi. Görüp otursak, olar [özümiziňkiler] biziň yzymyzdan topar ýollan ekenler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Olar sizi nädip tapypdyrlar?

Gasparýan: Kim bilýär! Biri satandyr-da! Biz bar goş-golamlarymyzy taşlap, ýene-de gaçyp başladyk. Köçelerde pulsuz, dokumentsiz ýöne entedik ýördük. Biz bir şäherçä gelip, barlag nokadynda öz ýagdaýymyzy düşündirdik. Olar bizi barlag nokadyndan alyp, Gorlowka (Ukrainanyň Donetsk welaýatynyň gündogarynda bir şäher) diýlen ýerdäki Şeýtan atly komandire eltip tabşyrdylar. Ýöne bu özbaşyna başga bir gürrüň, başga waka.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Näme üçin siz bu Şeýtan bilen iki hepdäňizi geçirmeli bolduňyz?

Gasparýan: Biziň başga çykalgamyz ýokdy. Men nädip gaçjagymy bilmedim. Görüp otursak, Şeýtan erbet adamam däl ekeni. Ol Gorlowkaly professional harby ekeni. Ol ilknji nobatda bizi Orsýete ugratjakdygyny söz berdi. Bäşimizem şonuň ýanynda bolduk. Biz oňa öz duçar bolan wakalarymyzy gürrüň berdik, ol bizi “gündogarlylara” tabşyrmajakdygyny aýtdy. Soň ol bir ýerlere gitdi. Ýene-de az salym söweşeýin diýenler şol ýerde galdylar, ýöne men söweşi terk etdim.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz 28-nji maýdan 15-nji iýuna çenli Gorlowkada näme işlediňiz?

Gasparýan: Men ýene-de harby lybasa dolandym. Bize ok-ýarag berildi, geçirilen käbir operasiýalara gatnaşdyk. Olar has guramaçylykly hereket edýärdiler. Biz garşydaşymyzy güýmän bolduk, ony-muny partlatdyk. Mysal üçin, biz Dokuçaýwskidäki ýag-ýangyç nokadyny partlatdyk. Şonda men pulemýot bilen beýlekileri goradym, olar bolsa granat bilen ýag-ýangyç nokadyny partlatdylar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz näme üçin ýag-ýangyç nokadyny partlatdyňyz?

Gasparýan: Ukrainlar tanklaryny we ulaglaryny işletmek üçin ýangyç tapyp bilmez ýaly.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Ýöne size-de ýangyç gerek bolandyr-a?

Gasparýan: Bizde hiç hili ulag ýokdy. Olar ýaly zatlar, haçan-da men gaýdamsoň, meýletinçileriň arasynda peýda bolup başlapdyr. Men gaýdanymdan üç gün soň.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz telewizorda, habarlarda ýaýradylýan haýsy habarlardan has biynjalyk bolduňyz?

Gasparýan: Donetsk Halk Respublikasynyň adamlary bilen gürrüňdeşlik geçirenlerinde janym ýanýar. Donetsk Halk Respublikasy diýlen zat tutuşlygyna senariý, durşuna oýun. Meniň düşünişim boýunça, beýle respublika diňe Borodaýyň (Donetsk “Halk Respublikasynyň” premýer-ministri Aleksandr Borodaý), Puşiliniň (“hökümet” sözçüsi Denis Puşilin) we Tsarýowyň (ozalky ukrain deputaty Oleg Tsarýow) iş otagynda bar. Ýöne kararlar nirededir başga ýerlerde, başga adamlar tarapyndan çykarylýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Regionda bolan žurnalistler ol ýerde söweşýänleriň 20 göteriminiň orslardygyny 80 göteriminiň bolsa ýerli meýletinçilerdigini aýdýarlar.

Gasparýan: Men şonuň anyk tersini aýdyp bilerin. Olaryň köpüsi orslardy, çeçenlerdi, inguşlardy, olaryň arasynda men ýaly ermenilerem bardy. Men ýerliler bilen gürrüňdeş bolanymda, olar maňa “biz özümize etmeli diýlen zady etdik” diýdiler. Men hem olara “size näme etmeli diýdiler” diýdim. Olar: “Biz ses berdik. Galany size bagly” diýdiler. Ýagny, olar DHR (Donets Hlak Respublikasyny) döretmek üçin geçirilen referendumda diňe ses beripdirler. Ýöne olar uruşmakçy däl ekenler. Maňa biri: “hakymy alasym gelýär, indiki aýlyga çenlem içesim gelýär” diýdi. Umuman aýdanyňda, olaryň hiç hili tejribeleri ýok. Olar ne ýarag ulanyp bilýärler, ne-de harby gullugy geçipdirler. Men Donetsk barada gürüň edýärin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Gorlowka barada näme aýdyp bilersiňiz?

Gasparýan: Olardaky söweşijileriň düzümi ýarpy-ýarpy diýsegem bolar. Ol ýerde harby gullugy geçen adamlar bar. Olaryňky hakyky armiýa. Ukrainanyň 23 ýyldan bäri hakyky armiýasy ýog-a!

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz näme üçin bize bu zatlaryň ählisini gürrüň berýärsiňiz?

Gasparýan: Şu wagta çenli bizi satan adamlar häli bu güne çenli buýruk berip otyrlar, entegem meýletinçiler Orsýetden gidip, olara gulluk edýärler. Men şol [Ukraina] gidýän meýletinçileriň özlerine kimleriň buýruk berip oturandygyna düşünmegini isleýän. Menem meýletin gitdim. Meniň halas bolşumyň özi gudrat. Şonuň üçin men şol meýletinçi orslara gynanýan. Olar Hodakowskiý we beýlekiler ýaly komandirlere gulluk etmäge barýarlar. Men olaryň hemmesiniň atlaryny bilemok.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz yzyňyza Orsýete nädip dolandyňyz?

Gasparýan: Şeýtan sözünde durdy. Ol bize sagbolsun aýdyp, her haýsymyza ýol üçin 1000 griwna berip, bize ak ýol arzuw edip ugratdy. Meniň bilen üç oglan dolanyp geldi. Şol ýaraly we beýleki ikisi. Biz Lugansk welaýatynyň içinden raýat ulagy bilen geçdik. Ors tarapynda bizi serhetde garşy alyp, Rostowa alyp gitdiler. Bizi ýene-de şol ilkibaşda türgenleşik geçen bazamyza eltdiler. Ol ýerde bize eşiklerimizi, dokumentlerimizi, telefonlarymyzy we ýol üiçn birazrak pul berip, öýümize ugratdylar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Sen Ermenistanyň raýaty, ýagny daşary ýurtly...

Gasparýan: Men hatda ermeni baýdagynyň astynda-da söweşlere gatnaşdym, mende ol suratlar bar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Onda sen näme üçin haýsydyr bir daşary ýurt üçin ölmäge razy bolduň?

Gasparýan: Men Orsýeti daşary ýurt diýip hasap edemok. Mende sowet adamsynyň mentaliteti bar. Meniň ata-babalarym Sowet Soýuzy üçin söweşipdirler. Men hem şonuň üçin söweşýärin. Men Orsýeti daşary ýurt diýip asla hasap edemok.

XS
SM
MD
LG