Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Metro hadysasyndan soň, iki adam tussag edildi


Moskwada 23 adamyň ýogalmagyna we başga-da onlarçasynyň agyr ýaralanmagyna sebäp bolan metro hadysasyndan soň, iki demirýol resmisi tussag astyna alyndy.

Russiýanyň Derňew komiteti özüniň 16-njy iýulda beren maglumatynda demirýol ulgamynyň Moskwa şäher metrosunyň başlygy Waleriý Başkatowyň we onuň kömekçisi Ýuriý Gordowyň metronyň howpsuzlyk düzgünlerini bozmakda aýyplanýandygyny mälim etdi.

Komitetiň metbugat wekili Wladimir Markin ýurduň derňewçileri metro hadysasyna demirýol geçiş mehanizminiň çalşyrylmagynda alnyp barylan nädogry işleriň sebäp bolandygyna ynanýarlar diýdi.

Moskwada 15-nji iýulda bolan şol hadysada pida bolanlaryň hatyrasyna bir günlük ýas yglan edildi.

Bu wakada heläk bolanlaryň alty sanysynyň daşary ýurtlydygy habar berlip, olaryň ikisiniň hytaýly, ikisiniň täjigistanly, biriniň gyrgyzystanly we biriniň hem moldawalydygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG