Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogarda ukrain esgerleri öldürildi


Ukrain harbylary 16-njy iýulda soňky 24 sagatda goşunyň 11 esgeriniň öldürilendigini aýtdylar. Olaryň köpüsi Orsýet serhedine golaýda ýerleşýän orsýetçi separatistler bilen çaknyşykda öldürilipdir.

Ukrainanyň Goranmak we howpsuzlyk geňeşiniň sözçüsi Andriý Lysenko metbugata hökümet esgerleriniň serhetdäki Izwarinoda separatistler tarapyndan gabawa salnandygyny, Stepaniwka serhet obasynda bolsa, separatistler goşunyň gabawyndan çykmaga synanyşanda çaknyşyk bolandygyny aýtdy.

Lysenko hökümet güýçleri tarapyndan yzyna alnan Slowýanskde, pitneçileriň ozalky mesgeninde gyssanmaç jaýlanan ýüzlerçe pitneçi söweşijisiniň jesediniň tapylandygyny hem habar berdi.

XS
SM
MD
LG