Orsýetiň daşary işler ministrligi 17-nji iýulda çap eden beýanatynda Birleşen Ştatlaryň Orsýete garşy girizen täze gadaganlyklaryny «Ukrainadaky wakalaryň Waşingtonyň ssenariýasyndan başgaça ýaýbaňlanandygy üçin ar aljak bolmagyň ýöntem synanyşygy» diýip atlandyrdy.
Şeýle-de ministrlik «biz şantaža çydamarys we jogap çärelerini ulanmak hukugymyzy özümizde galdyrýarys» diýdi.
Waşington 16-njy iýulda Kalaşnikow ýarag kompaniýasyndan başlap Rosneft, Nowotek ýaly rus kärhanalaryna garşy sanksiýa girizdi.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Braziliýa sapary mahalynda žurnalistlere sanksiýalar amerikan-rus gatnaşyklaryny petige direder we örän çynlakaý zyýana sebäp bolar diýdi.