Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde aktiwistler Ysraýylyň Gaza zolagynda alyp barýan operasiýalaryna garşy protest bildirdiler.
18-nji iýulda “Musulmanlar dogandyr” diýip atlandyrylan hereketiň çäginde 200 çemesi adam Bişkegiň “Gorkiý” seýilgähinde ýygnandylar.
Bu protestçileriň arasynda Gyrgyzystanyň öňki baş müftisi Çubak Hajy Jalilow, öňki ombudsman Tursunbaý Bakir-Ulu we aktiwist Myktybek Arstanbek dagylar bar.
Ysraýyl iki hepdä golaý wagt dowam eden howa we deňiz hüjümlerinden soň, 17-nji iýulda Gaza zolagyna ýerden operasiýalaryny başlatdy.
Ysraýylyň resmileri bu operasiýalaryň netijesinde Gaza zolagyndan Ysraýyla edilýän raketa hüjümlerini togtatmaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar. Gaza zolagy “Hamas” söweşiji hereketiniň syýasy ganaty tarapyndan dolandyrylýar.