Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Derňewçiler ýurda girer


Ukrainada Russiýa tarapdary separatistler halkara derňewçileriniň Malaziýanyň uçarynyň gaçan ýerine erkin girmekleri üçin rugsat berjekdiklerine wada berdiler.

Gürrüňi edilýän uçar Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen separatistleriň arasynda çaknyşyklaryň dowam edýän Donetks regionynda 17-nji iýulda aşak gaçyryldy. Munuň netijesinde uçardaky 298 ýolagçynyň ählisi heläk boldy.

Bu uçary raketa bilen urup aşak gaçyrmakda Ukrainanyň harbylary we separatistler birek-biregini aýyplaýarlar. Separatistler ilki bada uçardaky soňky pursatlary ýazga geçiren iki gara gutujygyň tapylandygyny aýtdylar, emma soňra olar bu maglumaty inkär etdiler.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Ukraina gözegçilik edýän missiýasynyň agzalarynyň 18-nji iýulda uçar heläkçiliginiň bolan ýerine barmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG