Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda bazar ýandy


Täjigistanyň günortasynda Kulob şäherinde bolan uly ýangyn ýerli bazardaky 46 dükany we kiosklary weýran etdi, onlarça dükana bolsa zyýan ýetirdi.

Kulobyň şäher häkimliginiň sözçüsi Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna öten agşam Sahowat bazarynda bolan ýangynyň ýene 70 dükana we kafe zyýan ýetirendigini aýtdy.

Ol bazaryň tutuş tutýan meýdanynyň 480 kwadrat metrdigini aýtdy. Emma ýangnynda pidanyň ýokdugy aýdylýar. Ýangynyň sebäpleri derňelýär.

Bu bazarda ýanwar aýynda bolan ýangynda 96 dükan we 382 söwda nokady weýran bolupdy. Ol ýangynyň sebäbi bilinmändi.

Sahowat bazary 2009-njy ýylda hem otlanypdy we onuň hem sebäbi açylman galypdy.

XS
SM
MD
LG