Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazada ölenleriň sany 800-den aşdy


Ysraýylyň Gazada amala aşyran täze hüjümleriniň netijesinde ölen palesitinalylaryň sany 800-den aşdy.

Palestinanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň metbugat wekili Aşraf al-Kudra, 25-nji iýulda Gazanyň günortasyndaky Deir-el-Balah şäherçesindäki ýaşaýyş jaýyna edilen howa hüjüminde iki ýaş zenan öldürildi diýdi. Ysraýyl Gazadan atylýan raketalary ýok etmek üçin alyp barýan kampaniýasynyň çäginde 18 gün bäri hüjümlerini dowam etdirýär.

Ýurduň günortasyndaky Han Ýunis şäherine edilen hüjümde ýaralanan iki adamyň hem aradan çykmagy netijesinde Ysraýylyň kampaniýasy esasynda ölen gazalylaryň sany 804-e ýetdi.

24-nji iýulda parahat ilatdan ýüzlerçe adamyň bosgunlyk soran ýeri – Birleşen Milletler Guramasynyň Gazadaky gonalgasyna Ysraýylyň uran zarbasy netijesinde hem 15 palestinaly öldürilip, şeýle-de 200 sanysy ýaralandy.

Bu aralykda, okkupirlenen Günbatar kenardaky birnäçe müň ýaşaýjy Ysraýylyň Gazada amala aşyrýan hüjümlerine garşy 24-nji iýulda demonstrasiýalar geçiren mahaly bolan gapma-garşylyklarda ysraýylly esgerler palestinaly üç protestçini atyp öldürdiler, şeýle-de takmynan 100 çemesini hem ýaraladylar.

XS
SM
MD
LG