Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýew 2010-njy ýyldaky gozgalaňlar döwründe protestçileriň öldürilmegine gatnaşmakda günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna gaýybana höküm edildi. Şol gozgalaňlarda Bakiýew häkimiýetden agdarylypdy.
25-nji iýulda Bişkegiň Harby sudy Bakiýewiň prezidentiň janpenalarynyň başlygy wezipesinde işlän dogany Janyş Bakiýewi we ýurduň öňki premýer-ministri Daniýar Usenowy ömürlik türme tussaglygyna gaýybana höküm etdi.
Şeýle-de, bu sud işi bilen baglanyşykly başga-da 25 tussag, şol sanda Bakiýewiň birnäçe dogan-garyndaşy we kärdeşleri alty we 25 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.
2010-njy ýylyň aprel aýynda Bişkegiň merkezinde bolan çaknyşyklarda 100-e golaý adam öldürilip, şeýle-de takmynan 400 sanysy ýaralanypdy. Bu baradaky sud işi 2011-nji ýylda başladylypdy.
Bakiýew birnäçe maşgala agzasy bilen birlikde häzirki wagtda Belarusda ýaşaýar.