Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçylar Bengazide goşun bazasyny aldy


Liwiýanyň harby resmileri yslamçy toparlaryň, birnäçe güne çeken agyr söweşden soň, goşunyň ýörite güýçleriniň Bengazidäki bazasyny ele geçirendiklerini aýdýarlar.

Yslamçy we jihadçy ýaranlyk ilki gündogar Liwiýadaky harby bazanyň basylyp alnandygyny 29-nji iýulda yglan etdi. Paýtagt Tripolide aeroportdaky söweş dowam etdi, bu ýerde indi üç gün bäri ýangyç deposy ýanýar.

Aeroportdaky söweşde soňky iki hepdede 100-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Bu ýagdaý Fransiýa, Portugaliýa, Niderlandiýa, Kanada we Bolgariýa ýaly ýurtlaryň 29-njy iýulda öz ilçihanlaryny ýapyp, raýatlarynyň Liwiýany terk etmegini buýurmagyna getirdi.

Şu aralykda deňizçiler Liwiýanyň kenarlaryndan 100 km çemesi uzaklykda çöken gämide azyndan 20 migrantyň ölendigini, onlarçasynyň bolsa tapylmaýandygyny aýdýarlar. Ol gämide 150 çemesi adam bar eken.

XS
SM
MD
LG