Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazada onlarça adam öldürildi


Medisina işgärleri 30-njy iýuldaky bombalamalaryň Gazada onlarça palestinalyny öldürendigini aýdýarlar.

Ysraýyl-Hamaz konfliktiniň 23-nji gününde BMG-niň garamagyndaky mekdepde azyndan 16 adam öldürildi.

Bu mekdep uruş zerarly ýaşaýan ýerinden bosan adamlaryň gaçyp atan penasydy.

Gazanyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň sözçüsi Aşraf al-Kudra başda ölenleriň sanynyň 20-digini aýdyp, soň olaryň onlarçadygyny habar berdi.

Kudranyň soňky beren maglumatlaryna görä, Ysraýylyň Hamazyň raketa atmagynyň soňuna çykmak üçin geçirýän harby operasiýasy netijesinde öldürilenleriň sany 1260-a golaýlady.

Ysraýyl tarapdan bu konfliktde 53 esger we asuda ilatdan üç adam öldürildi. 29-njy iýulda Gaza toksuz galdy, onuň ýalňyz elektrik stansiýasy top oky bilen uruldy.

XS
SM
MD
LG