Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Akpamyk


Şiraly
Şiraly

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Gülüň gadry ýokmuş biten ýerinde.
Bu nakyly kän eşitdim ozallar.
Öň azmy türkmende – bir ýerde bitip,
Başga ýerde solup giden gözeller?

Ykbal seni nirelerden çykardy,
Bäri-bärde Änew barmy, Ejebaý?
Näme seni itekläp dur dowzaha
Başda jennet uçin döreden Hudaý?

Bilbil ýasap nämetjekdi Ýaradan,
Gül ýerne tikene göndürjek bolsa?
Bilbil ýasap nämetjekdi Ýaradan,
Bir garga taý edip oňdurjak bolsa?

Bilbil ýasap nämätjekdi Ýaradan,
Soňra dykjak bolsa towuk ketegne?
Küli yzlap, tapar ýaly yzyny
Közem-ä atmandyr uzyn etegne!

Ykbal seni sogrup gyzgyn çägeden,
Taşlapdyr üstüne buz ýaly gaýaň.
Bolsa-da, öňüňden gül alyp çykdy
Senden öňräk gaýdan mähriban uýaň.

Özüň adam bolsaň ýat bir ýurtda-da
Doganam tapylýa, dostam tapylýa.
Ýöne, durmuş erteki däl – hakykat,
Ýurtda sogap etseň günä ýapylýa!

Ýurtda şarpyk iýýäň iň ýakynyňdan…
Ýedi ýurduň ýady sypaýa başyň.
Bahasyn biz bilýäs – bokurdagmyzdan
Aňryk ötmän duran keseki aşyň!

Meňzedip az-u-kän ykbalymyzy,
Bize geň bir Watan beripdir Hudaý:
Men-ä aglap oňa baryp bilemok,
Senem aglap çykyp gaýdýaň, Ejebaý.

XS
SM
MD
LG