Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Dini lider öldürildi


Pakistanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky sopuçylyk akymyna degişli ybadathanada tanymal dini lideriň we onuň iki janpenasynyň öldürilendigini habar berýär.

“Reuters” habar gullugy partlamanyň 4-nji awgustda Fakir Jemşed Dera Ismail Han şäheriniň golaýyndaky ybadathanada geçirilýän çärä baranda bolandygyny habar berýär. Bu çärä müňlerçe adam gatnaşandygy bellenilýär.

Muňa garamazdan, Pakistanyň metbugaty bolsa, Jamşediň we onuň janpenalarynyň ulagynyň ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň üstünden barmagy netijesinde ýogalandygyny habar berýär.

“Talyban” ekstremistleri sopuçylyk akymyna degişli musulmanlary “yslama degişli däl” diýip hasaplap, soňky ýyllaryň dowamynda Musulman dininiň sopuçylyk akymyna degişli ybadathanalara garşy onlarça hüjümi amala aşyrdylar.

XS
SM
MD
LG