Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler: Taze ýyl aýdym-saz bilen başlanýar


Çeşmeler: Taze ýyl aýdym-saz bilen başlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:53 0:00
Ýükle

Täze ýyly hem onuň ilkinji gününi Adamzat şatlyk-şagalaň, ýagşy arzuwlar hem aýdym-saz bilen garşy alýar. Günbatarda Täze ýylyň ilkinji güni Wena filarmoniýasynyň orkestriniň Altyn zalyndan berilýän konsert bilen başlanýar diýseňem boljak. Sebäbi 1-nji ýanwarda, ýerli wagt bilen ir sagat 11-de başlanýan bu konsert ýewrowideniýe arkaly alnyp görkezilýär. Bu däp şu üstümizdäki ýylda hem dowam etdi.   Elbetde, her bir adama Wena filarmoniýasynyň orkestriniň konsertini diňlemek ýetdirip duran zat däl, ol beýle bir möhüm hem däl. Muňa derek her halkyň öz aýdym-saz medeniýeti bar. Şol medeniýet bolsa şol halk üçin elýeterli, ýagny düşnükli hem ýürege ýakyn. Bu ugurdan biziň halkymyzyň baý medeni mirasy bar. Ol köp dürli, köp ugurly. Medeniýetiň Täze ýyl sanynda şolar barada gürrüň gidýär.

XS
SM
MD
LG