Çeşmeler: Alty Garlyýew - 95
6-njy ýanwarda ýurda belli režisýor hem aktýor Alty Garlyýewiň dünýä inenine 95 ýyl boldy. Ol 20-nji asyr türkmen medeniýetiniň belende galmagynda ägirt uly goşant goşan sungat işgäri saýylýar. Medeniýetde belli sungat işgäri barada gürrüň gidýär. Halk arasynda “Toý bilen ýas bile gelermiş” diýen söz bar. 1-nji ýanwarda, Täze ýylyň başlanan gününde, türkmen halky üçin belli aýdymçylaryň biri, Özbegistanyň halk artisti Almahan Haýytowa 73 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu aýdymçynyň türkmenler üçin gadyr-gymmady nämede? Bu hakda Osman Hallyýew bilen söhbetdeş bolduk.