Çeşmeler: Ýüreklerdäki hem dillerdäki Magtymguly
Türkmenistan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny Halkara derejesinde baýram etdi. Bu baýramçylyk dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan türkmenleriň arasynda şindizem dowam edýär. Beýik şahyra näçe hormatyň, näçe söýgiň bolsa, şonça-da az. Halk bu ynsany öz ruhy atasy saýýar. Ol hemmäniňki, ony hemmeler söýýär hem oňa dahylly bolýarlar. Şol hakykatdan ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň uly baýramçylygyna bagyşlan gepleşigimizi mümkin boldugyça dürli ýaşdaky hem dürli derejedäki ynsanlaryň pikiri bilen bezedik.