Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Alty owgan polisiýasy öldi


Owganystanyň günortasyndaky Uruzgan welaýatynda owgan polisiýa işgäri diýlip güman edilýän bir adam neşe maddasyny ulanandan soň, özüniň alty kärdeşini atyp öldürdi.

Uruzgan polisiýa bölüminiň metbugat wekili Dost Muhammet Naýab (Doost Muhammad Nayab) bu hüjümiň 5-nji awgustda welaýatyň paýtagty Tirin Kotda amala aşandygyny aýtdy. Naýabyň sözlerine görä, alty polisiýa işgärini öldüren hüjümçi pida bolanlaryň ýaraglaryny alyp, polisiýa ulagynda gaçypdyr.

Bu wakanyň bolan güni Kabulyň günbataryndaky harby türgenleşik bazasynda hem, içerden amala aşyrylan hüjümiň netijesinde Birleşen Ştatlaryň bir generaly öldürilip, 15 sany koalisiýa esgeri ýaralandy.

Germaniýanyň beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän wakada bir nemes generaly hem ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG