Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG: “Ebola” wirusy howp salýar


Bütindünýä Saglyk guramasy günbatar Afrikada ýaýran “Ebola” wirusynyň halkyň saglygyna halkara derejesinde howp abandyrýandygyny yglan etdi.

Şeýe-de, gurama öz maglumatynda wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin adatdan daşary işleriň alnyp barylmalydygyny belleýär.

Bütindünýä Saglyk guramasy şuňa meňzeş adatdan daşary ýagdaýy 2009-njy ýylda doňuz dümewi we maý aýynda poliomielit bilen baglylykda yglan edipdi. Häzire çenli “Ebola” wirusy sebäpli 1 müňe golaý adam heläk boldy.

“Ebola” wirusy mart aýynda Gwineýada ýaýrap başlapdy. Şondan soň ol Sierra Leone, Liberiýa we Nigeriýa ýaly ýurtlara ýaýrady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG