Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Eýran Abadini goldady


Yragyň premýer-ministri Nuri al-Malikiniň esasy ýarany Eýran hökümet baştutany wezipesine Malikiniň ýerine Haidar al-Abadiniň teklip edilmegine goldaw bildirdi.

Eýranyň Baş milli geňeşiniň sekretary Ali Şamhani 12-nji awgustda eden çykyşynda “Yragyň konstitusiýasynyň çäginde premýer-ministriň parlament köpçüligi tarapyndan saýlanmagynyň göz öňünde tutulýandygyny” belledi.

Şaýylaryň wekili bolan Maliki şaýy Eýranyň goldawyna daýanypdy, emma eýran resmileriniň ýakynda aýtmagyna görä, Tähran Maliki ýurdy mundan beýläk dolandyrmaga ukyply däl, diýip hasap edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Yragyň premýer-ministri wezipesine Abadiniň hödürlenmegini goldap çykyş etdi we ony “öňe tarap umyt dörediji ädim” atlandyrdy.

2006-njy ýyldan bäri Yragyň hökümetine ýolbaşçylyk eden Maliki ýurtda dini gandöküşligi tutaşdyrmak barada özüne garşy öňe sürülýän aýyplamalary ret edýär we wezipeden çekilmekden ýüz öwürýär.

XS
SM
MD
LG