Russiýanyň 300 çemesi ýük maşyndan ybarat ynsanperwer kömegi Ukrainanyň serhedine golaýlaşýar. Bu çäre Russiýanyň ynsanperwer kömeginiň Ukraina goýberilmejekdigi barada Kiýewiň eden duýduryşlaryna garamazdan amala aşyrylýar.
Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk 13-nji awgustda Russiýanyň “bihaýalygyny” ýazgardy we Kiýewiň diňe Halkara gyzyl haç guramasy tarapyndan ediljek ynsanperwer kömegi kabul etjekdigini aýtdy.
Içeri işler ministri Arsen Awakow özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda: “Putiniň hiç bir kerweni Harkow regionyndan geçirilmez. Utançsyz agressor tarapyndan amala aşyrylýan öjükdirme biziň territoriýamyzda kabul edilmeýär” diýdi.
Russiýa bolsa, kerweniň ýola düşmegi Kiýew tarapyndan kabul edildi we ol Ukrainanyň serhedinden geçensoň, Halkara gyzyl haç guramasynyň garamagynda hereket etjekdigini aýdýar.
Halkara gyzyl haj guramasy Orsýetiň ýük maşynlaryna nämäniň ýüklenendigi dogrusynda goşmaça maglumatyň gerekdigini aýdýar.
Ukrainanyň we Günbataryň resmileri Orsýetiň ynsanperwer kömegini eltmek mümkinçiliginden Ukrainanyň gündogaryna öz goşunlaryny ibermek üçin peýdalanyp biljegine aladalanýarlar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?