Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Medwedewiň Twitterine hüjüm edildi


Orsýetiň hökümeti premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň Twitter sosial ulgamyndaky (@MedvedevRussia) hasabyna hüjüm edilendigini aýtdy.

Hökümetiň metbugat-wekili Medwedewiň hasabynda “çap bolan soňky maglumat hakyky däl” diýdi.

Çap bolan bu soňky maglumatda Medwedewiň premýer-ministr wezipesinden çekilmekçidigi habar berildi we onuň “hökümetiň hereketlerine utanýandygy. Meni bagyşlaň” diýýändigi aýdyldy. Ýene bir tweet maglumatynda “Orsýetiň halky ýurduň ýolbaşçylarynyň paýhas bilen bagly problemasy sebäpli ejir çekmeli däl” diýilýär.

Medwedewiň iňlis dilindäki hasabynda problema döremändir.

XS
SM
MD
LG