Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili gözlenýänleriň sanawyna goşuldy


Gürjüstanyň häkimiýetleri ýurduň öňki prezidenti Mihail Saakaşwiliniň (Mikheil Saakashvili) adyny gözlenýänleriň sanawyna goşdy. Saakaşwili özüniň on ýyldan gowrak wagt dolandyran ýurduna gaýdyp baran mahaly tussag ediler.

Gürjüstanyň Baş prokuraturasynyň 14-nji awgustda beren maglumatynda Saakaşwili 2007-nji ýylyň noýabr aýynda bolan protest ýörişlerini zorluk bilen dargatmak we ýurduň telewideniýe merkezinde bolan ýowuzlyklar bilen ilteşikli aýyplamalar esasynda gözlenýändigini mälim etdi.

Saakaşwili 2003-nji ýylda geçirilen parahatçylykly “Bägül rewolýusiýasy” döwründe häkimiýet başyna geçipdi. Onuň häkimiýet başyndaky partiýasy garşydaş partiýalar tarapyndan 2012-nji ýylda ýeňlişe sezewar bolupdy. Saakaşwili şol ýylyň noýabr aýynda prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, ýurdy terk edipdi.

XS
SM
MD
LG