Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Bendiň kontrollygy ele salyndy


Yragyň döwlet telewideniýesi Kürt peşmerga söweşijileri we ýurduň howpsuzlyk güýçleri “Yslam döwletiniň” söweşijilerini Mosul bendinden gysyp çykardy diýýär. Mosul bendi Yragyň iň uly gidroelektrik stansiýasydyr.

18-nji awgustda Yragyň harbylarynyň metbugat wekili general-leýtenant Kasim Atta (Qasim Atta) salgylanyp berilýän maglumata görä, yrak güýçlerine howa zarbalary arkaly goldaw berlipdir.

Bu maglumaty henize çenli garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady. Ýöne 17-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonyň Yrakdaky bähbidini goramak we gürrüňi gidýän bendi gaýtadan ele salmak tagallasy bilen, Birleşen Ştatlar “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy howa zarbalaryna başlady diýipdi.

“Yslam döwleti” bilen ilteşikli Twitter sosial ulgamyndaky sahypada 18-nji awgustda çap edilen maglumatda bolsa, Mosul bendine heniz hem doly söweşijiler kontrollyk edýär diýilýär.

“Yslam döwletiniň” Yragyň demirgazygyndaky soňky basybalyşlary Birleşen Ştatlaryna ýurtda 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek howa zarbalaryny başlatmaga itergi berdi.

XS
SM
MD
LG