Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Çaknyşyklar Luganska aralaşdy


Ukrain esgerleri Lugansk şäheriniň eteginde. 18-nji awgust, 2014 ý.
Ukrain esgerleri Lugansk şäheriniň eteginde. 18-nji awgust, 2014 ý.

Ukrainanyň harbylarynyň metbugat wekiliniň berýän maglumatyna görä, 19-njy awgustda hökümet güýçleri Lugansk şäheriniň özünde separatistlere garşy söweşipdirler. Lugansk gündogar Ukrainadaky gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki iki uly şäheriň biridir.

Milli howpsuzlyk we Goranmak geňeşiniň sözçüsi Andriý Lysanko Luganskyň bir etrabynyň eýýäm “azat edilendigini”, şeýle-de söweşleriň ümzüginiň şäheriň merkezine tarapdygyny aýtdy.

Lysenko separatistleriň ýurduň gündogaryndaky ilatyň köpçülik bolup ýaşaýan ýerlerinde infrastruktura desgalaryny ýumurýandyklaryny, ýollary, köprüleri we keselhanalary minalaýandyklaryny aýtdy.

Russiýanyň “Interfax” habar gullugy Luganskdaky pitneçileriň bir wekiline salgylanyp beren maglumatynda ukrain güýçleriniň şäheriň merkezini top okuna tutandygyny, emma bu sebitde söweş hereketleriniň ýokdugyny aýtdy.

Luganskyň şäher geňeşiniň 19-njy awgustda ýerleşdiren maglumatynda, anyk sanlar görkezilmese-de, artilleriýa zarbalary netijesinde ençeme adamyň ölendigi we ýaralanandygy aýdylýar.

Donetsk

Bu aralykda ukrain häkimiýetleri separatistleriň beýleki bir berkitmesi bolan Donetsk şäherine edilýän hüjümleriň-de ýygjamlaşýandygyny aýdýarlar. Olaryň maglumatyna görä, 19-njy awgustda Donetskiň golaýyndaky gozgalaňçylaryň elindäki ýene bir şäheri eýelemek başardypdyr.

Kiýew Luganskda dowam edýän çaknyşyklar zerarly 18-nji awgustda separatistler tarapyndan öldürilen onlarça adamyň jesedini ýygnamak işiniň togtadylandygyny habar berýär. Resmi Kiýewiň berýän maglumatyna görä, häzirlikçe 15 adamyň jesedini jeň meýdanyndan ýygnamak başardypdyr.

Kiýew orsýetparaz separatistleri uruş gidýän Luganskdan gaçyp çykyp barýan parahat ilatdan bolan adamlaryň üstüne hüjüm edenlikde aýyplady. Ukrain häkimiýetleriniň berýän maglumatyna görä, pitneçiler ululardan we çagalardan ybarat bolan adam kerwenini Russiýadan alan artilleriýa toplaryndan oka tutupdyrlar.

Orsýetparaz pitneçiler muny “gözçykgynç propaganda” diýip atlandyryp, özleriniň bu işe dahyllylygyny inkär etdiler.

"Gumanitar" ýük

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Sergeý Lawrow bilen Halkara Gyzyl Haç Jemgyýetiniň arasynda 19-njy awgustda bolup geçen gepleşikler esasynda Moskwanyň gündogar Ukraina ugradan we “gumanitar” diýip at berýän ýüküniň “durumyny kesgitlemek” boýunça birnäçe sagadyň dowamynda “aktiw işleriň” amala aşyrylmagy barada ylalaşylandygyny aýdýar.

Halkara Gyzyl Haç Jemgyýeti agzalan ýük maşynlarynda pitneçilere niýetlenen ýaraglaryň ýokdugyna kepil geçip, özleriniň ”gumanitar” ýüki günodgar Ukraina ugratmagy üçin degişli taraplaryň howpsuzlyk çärelerini üpjün etmegine garaşýandygyny aýtdy.

Ukrain häkimiýetleri Gyzyl Haç Jemgyýeti tarapyndan soralýan kepillikler makullanýança, Orsýetden gelen ýüki barlamakdan we Ukraina goýbermekden ýüz öwürdiler.

XS
SM
MD
LG