Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Er-Riyad: HRW ölüm jezasyny ýazgardy


Nýu-Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watch guramasy Saud Arabystanyny jezalandyrmalaryň köpelmeginde aýyplady. Agzalan jeza beriş çäreleriň ençemesi köpçülikleýin geçirilip, adamlaryň kellesi kesildi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň 21-nji awgustda ýaýradan beýannamasynda Saud Arabystanynda 4-nji awgustdan bäri 19 adama jeza berilendigi, şol sanda zorluk bilen bagly bolmadyk sebäplere görä aýyplanan sekiz adamyň we ýene bir adamyň jadygöýlükde aýyplanyp öldürilendigi aýdylýar.

“Saud Arabystanynda ölüm jezasynyň dowam etdirilmegine, aýratynam şeýle jenaýatçylyklar babatynda ulanmagyna hiç hili delil ýok”, diýip HRW guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça müdiri Sarah Leah aýtdy.

HRW guramasy Saud Arabystanynda ýene has köp jeza beriş çäreleriň planlaşdyrylýandygyny we ölüm jezasyna höküm edilenleriň garyndaşlarynyň aladalanma bildirýändigini aýtdy. Jeza beriş çäreleri barada patyşalygyň döwlet agentlikleri tarapyndan yglan edildi.

XS
SM
MD
LG