Waşington Pakistanyň paýtagty Yslamabatda dowam edýän demonstrasiýalara üns bilen syn edýändigini aýtdy. Yslamabatda protestçiler paýtagtdaky hökümet jaýlarynyň ýerleşýän etrapçalarynyň käbir böleklerini eýeläp, premýer-ministriň wezipeden çekilmegini talap edýärler.
Birleşen Ştatlaryň Yslamabatdaky ilçihanasynyň 21-nji awgustda ýaýradan beýanatynda iki tarapyň hem ýowuzlyklardan gaça durmagy üçin çagyryş edilýär we ýurduň partiýalarynyň arasynda geçirilýän gepleşiklere Waşingtonyň goşulmandygy mälim edilýär.
Bu beýanat 21-nji awgustda Pakistanyň oppozision partiýasy “Tehrik-i-Insaafyň” lideri Imran Han Birleşen Ştatlary Pakistanyň syýasatyna goşulmakda aýyplandan soň ýaýradyldy.